Tramp Kuweýdiň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Pars Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

891320
Tramp Kuweýdiň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Ahmed Al Jabir As Sabah bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde Pars Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýanata görä, Tramp telefon söhbetdeşliginde Kuweýdiň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine wagtlaýyn agza bolmagy sebäpli Şyh Sabahy gutlady.

Tramp Pars Aýlag ýurtlaryna liderlik edýändigi üçin Şyh Sabaha sag bolsun aýtdy.

Kuweýdiň Emiri hem  Tramp bilen sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

 



Degişli Habarlar