Hindistanyň Owganystandaky ilçihanasyna hüjüm guraldy

Wakada ýogalan adam ýok

889177
Hindistanyň Owganystandaky ilçihanasyna hüjüm guraldy

Hindistanyň Owganystandaky ilçihanasynyň howlusyna raketa bilen hüjüm guraldy. Wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adamyň ýokdygy habar berildi.

Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Rawiş Kumar: “Birnäçe wagt ozal Kabuldaky ilçihanamyza raketa bilen hüjüm guraldy. Ilçihanamyzyň arka tarapyndaky binasyna zeper ýetdi. Ýangyn ýüze çykmady. Wakada ýaralanan adam bolmady. Ilçimiz ähli işgärleriň howpsyz ýagdaýdadygyny habar berdi” diýdi.

Raketanyň kim tarapyndan we nireden atylandygy barada entek anyk maglumat ýok.

Owganystanda hereket edýän toparlaryň hiç biri hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almady.



Degişli Habarlar