Russiýa ABŞ-nyň PKK/PÝD-niň gatnaşmagynda ýaraly goşun döretmek tagallasyna garşylyk görkezdi

Lawrow “ABŞ-dan bu meselede düşündirişe garaşýarys” diýdi

Russiýa ABŞ-nyň PKK/PÝD-niň gatnaşmagynda ýaraly goşun döretmek tagallasyna garşylyk görkezdi

Russiýa ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-niň gatnaşmagynda ýaraly goşunyň döredilmegi baradaky tagallasyna garşylyk görkezdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň bu tagallasynyň Siriýanyň territorial bitewiligine zeper ýetirip biljekdigi hakynda duýduryş berdi.

Lawrow “ABŞ-dan bu meselede düşündirişe garaşýarys” diýdi.

Rus diplomatiýasynyň 2017-nji ýylyň jemleri hakynda metbugata beýanat beren Lawrow Türkiýäniň Siriýanyň Idlib şäherinde gysga wagtda gözegçilik merkezlerini açmalydygyny aýtdy.

Lawrow Türkiýe we Eýran bilen birlikde siriýaly taraplaryň gatnaşmagynda milli kongresiň geçirilmegi üçin taýarlyk görýändiklerini ýatlatdy.

Daşary işler ministri Lawrow milli dialog etabynyň Ženewadaky parahatçylyk etabynyň oňyn netije bermegine itergi berjekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar