Saud Arabystanynda zenan janköýerler ilkinji gezek stadionda futbol bäsleşigine gatnaşdy

Arap zenanlary ýurtdaky reforma etabyndan hoşal

Saud Arabystanynda zenan janköýerler ilkinji gezek stadionda futbol bäsleşigine gatnaşdy

 

Saud Arabystanynyň taryhynda ilkinji gezek zenan janköýerleriň stadionda futbol bäsleşigine tomaşa etmeklerine rugsat berildi.

Zenanlar ilkinji gezek Saud Arabystanynyň ýokary ligasynda Al Ehli we Al Betin komandalarynyň arasyndaky futbol bäsleşigine tomaşa etdi.

Jiddedäki stadionda bolan bäsleşige tomaşa eden zenanlar ýurtdaky reforma etabyndan hoşaldyklaryny mälim etdi.

Saud Arabystanynda birnäçe wagtdan bäri zenanlara täze hukuklar berilýär.

 

 



Degişli Habarlar