Portugaliýanyň demirgazygynda bolan ýangynda 8 adam ýogaldy

Wakada şeýle hem azyndan 50 adamyň ýaralanandygy mälim edildi

Portugaliýanyň demirgazygynda bolan ýangynda 8 adam ýogaldy

Portugaliýanyň demirgazygynda binalaryň birinde pejiň partlamagy netijesinde ýüze çykan ýangynda 8 adam ýogaldy.

Ýurdyň paýtagty Lissabonyň 250 km demirgazygynda ýerleşýän Tondela etrabynyň häkimi Hose Gomes Isa ýagynyň bir jemgyýete degişli 2 gatly binada pejiň partlamagy netijesinde emele gelendigini habar berdi.  

Graždan goranyş edarasyndan Paulo Santos bolsa ýerli TSF radiosyna ýangynda azyndan 50 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Şaýatlar wakanyň bolan wagty bäsleşige gatnaşýan 60 adamyň bardygyny belleýärler.


Etiketkalar: peç , bina , häkim , Lissabon , ýangyn , Portugaliýa

Degişli Habarlar