ABŞ-nyň Panamadaky ilçisi wezipesinden çekildi

Felley Trampyň käbir Latyn Amerika we Afrika ýurtlaryndan gelýän bosgunlar barada aýdan “ýigrenç ýurtlardan gelýärler” diýen sözleri sebäpli wezipesinden çekildi

ABŞ-nyň Panamadaky ilçisi wezipesinden çekildi

ABŞ-nyň Panamadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Felley, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň käbir Latyn Amerika we Afrika ýurtlaryndan gelýän bosgunlar barada aýdan “ýigrenç ýurtlardan gelýärler” diýen sözleri sebäpli wezipesinden çekildi.

Amerikan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Felley ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyna hödürlän wezipesinden çekilýändi hakyndaky hatynda mundan beýläk ýörelgelerine laýyklykda Trampyň ýolbaşçylygyndaky Amerikan hökümetine hyzmat etmejekdigini nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Felleyiň wezipesinden çekiljekdigi hakyndaky habarlary tassyklady we Felleyiň 9-njy martdan başlap şahsy  işleri sebäpli hormatly dynç alyşa çykjakdygyny mälim etdi.

Jon Feeley ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama döwründe 2015-nji ýylyň iýul aýynda ABŞ-nyň Panamadaky ilçisi hökmünde bellenipdi.



Degişli Habarlar