Putin: “Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bu raundy gazandy”

Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putin Koreýa ýarym adasyndaky krizis bilen baglanşykly Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň bu raundy gazanandygyny belledi

Putin: “Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bu raundy gazandy”

Russiýanyň metbugat we habarlar agentlikleriniň başlyklary bilen geçiren duşuşygynda Koreýa ýarym adasynda başdan geçirilýän krizis bilen baglanşykly berilen soraglara jogap beren Putin: “Elbetde hormatly Kim Çen Yn bu raundy gazandy. Ol özüniň strategik meselesine çözgüt tapdy. Elinde ýadro ýaraglar bar, 13 müň km uzaklygy geçip bilýär we dünýäniň ähli ýerine diýen ýaly, azyndan duşmanlarynyň territoriýasyndaky islendik nokada ýetip biljek raketalary bar” diýdi.

Kim Çen Ynyň häzirki ýagdaýy gowşatmaga we arkaýynlaşdyrmaga synanyşýandygyny aýdan Putin ony: “Akylly we bişişen bir syýasatçy” diýip häsýetlendirdi.



Degişli Habarlar