ABŞ Pakistana berjek howpsyzlyk kömegini saklady

“Taliban we Hakkani topary ýaly guramalara garşy anyk çäre görýänçä  Pakistana berilýän howpsyzlyk kömegini saklaýarys”

882200
ABŞ Pakistana berjek howpsyzlyk kömegini saklady

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Nauert gündelik metbugat ýygnagynda ABŞ bilen Pakistanyň arasynda soňky döwürde başdan geçirilýän diplomatik dartgynlyk hakynda maglumat berdi.

Nauert “Taliban we Hakkani topary ýaly guramalara garşy anyk çäre görýänçä  Pakistana berilýän howpsyzlyk kömegini saklaýarys” diýdi.

Pakistanyň terrorçylar üçin howpsyz zolak döretmeli däldigini nygtan Nauert “Pakistan bilen iki taraply gatnaşyklaryň ýaňadandan başlamagyny umyt edýäris” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Twitter arkaly beren beýanatynda Pakistany terrorçylar üçin howpsyz zolak döretmekde günäkärläpdi we Pakistana şu ýyl beriljek 255 million dollaryň kömegiň saklanjakdygyny aýdypdy.

Pakistan bolsa Trampyň ady agzalýan garaýyşlarynyň asylsyzdygyny nygtaýar.

 


Etiketkalar: #kömek , #saklamak , #asylsyz

Degişli Habarlar