Saud Arabystanynda galplyk edendigi sebäpli göz tussaglygyna alynan şazadalardan ikisi boşadyldy

Şa Abdullahyň ogullary Şazada Meşal Bin Abdullah bilen Şazada Faýsal Bin Abdullah boşadyldy

878547
Saud Arabystanynda galplyk edendigi sebäpli göz tussaglygyna alynan  şazadalardan ikisi boşadyldy

Saud Arabystanynda galplyk edendigi sebäpli göz tussaglygyna alynan ozalky Şa Abdullahyň ogullary Şazada Meşal Bin Abdullah bilen Şazada Faýsal Bin Abdullah boşadyldy.

Saud Arabystanly ýokary derejeli ýolbaşçy galplyk hakynda gozgalan kaziýet işiniň çäginde saklanan we paýtagty Riýatdaky 5 ýyldyzly myhmanhanada göz tussaglygynda saklanan Saudy Şasy Abdullahyň ogullary Şazada Meşal Bin Abdullah bilen Şazada Faýsal Bin Abdullah boşadylandygyny habar berdi.

Iki şazadanyň hökümet bilen maliýe şertnamasyny baglaşandan soň Saud Arabystanyň prokuroturasynyň görkezmesine laýyklykda boşadylandygy nygtaldy.

Şa Abullahyň göz tussaglygyndaky beýleki Şazada Türki Bin Faýsalyň ýagdaýy barada bolsa maglumat berilmedi.

 



Degişli Habarlar