Siriýada terror guramalaryna garşy geçirlen operasiýalara 48 müň rus esger gatnaşdy

Rus uçarlar Siriýada iki ýylda 34 müň operasiýa geçirdi

873982
Siriýada terror guramalaryna garşy geçirlen operasiýalara 48 müň rus esger gatnaşdy

 

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Siriýada terror guramalaryna garşy geçirlen operasiýalara 48 müň rus esgeriniň gatnaşandygyny aýtdy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat beren Şoýgu “Siriýada 48 müň rus esgeri iş alyp bardy, 14 müňden gowrak esgere döwlet nyşany berildi” diýdi.

Şoýgu Rus howa güýçlerine degişli uçarlaryň Siriýada iki ýylda 34 müň operasiýa geçirendigini ýatlatdy.

Şoýgu operasiýalarda 2480-i Russiýadan, 819-y bolsa guramanyň lideri bolmak bilen jemi 60 müň 318 terrorçynyň öldürlendigine ünsi çekdi.

Siriýada 215 sany täze rus ýaragynyň synagdan geçirlendigini aýdan Şoýgu, rus ýaragly güýçleriniň terrorçylaryň günde 3 million dollarlyk girdeji gazanýan çeşmelerini ýok edendigini belledi.

 



Degişli Habarlar