Ruhani: “Biz musulman ýurtlaryň ählisi bile hyzmatdaşlyga taýar”

“Palestinanyň ykbalyny kesgitlemäge synanşýarlar. Eger şol tagallalar beýan tapsa, sionistler Palestinany hemişelik basyp alarlar”

Ruhani: “Biz musulman ýurtlaryň ählisi bile hyzmatdaşlyga taýar”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani musulman ýurtlaryň ählisi bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny aýtdy

Hasan Ruhani: “Eýran musulman ýurtlarynyň ählisi bilen hyzmatdaşlyga taýar. Şeýlelikde Iýerusalimi gorag astyna alarys. Bu meselede hiç hili şertimizi, belligimiz ýok” diýdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Nobatdan daşary maslahatynda çykyş eden Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ-nyň şeýle karary kabul etmeginde käbir ýurtlaryň sionist ulgam bilen aragatnaşykda we utgaşyklykda bolmagynyň täsiriniň bardygyny aýtdy.

Sionist ulgamyň şol howplaryna garşy sebitde-de käbir ýurtlaryň ABŞ bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýdan Ruhani: “Palestinanyň ykbalyny kesgitlemäge synanşýarlar. Eger şol tagallalar beýan tapsa, sionistler Palestinany hemişelik basyp alarlar” diýdi.

Musulmanlaryň, hristiýanlaryň we ýehudileriň taryhdan bäri sebitiň eýesidigini nygtan Ruhani, ol ýerde daşary ýurtly sionistleriň özlerini sebite zor bilen kabul etdirendigini beýan etdi.

Ruhani: “Sionistler terrizmiň we basyşyň tohuny Ýakyn Gündogara ekenlerdir. Soňky asyryň başyndan biziň günlerimize çenli onuň şeýledigini görýäris” diýdi.

BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň degişli çäreleri görmändigini aýdan Ruhani, şonuň ýaly hem ABŞ-nyň sionist ulgamy ýarag bilen üpjün edýändigini nygtady.



Degişli Habarlar