Britaniýanyň Daşary işler ministri Eýranda saparda boldy

Jonson Eýranly kardeşi Jawad Zarif bilen duşuşdy

Britaniýanyň Daşary işler ministri Eýranda saparda boldy

 

 

Britaniýanyň Daşary işler ministri Boris Jonson resmi sapar bilen Eýrana bardy.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Jonson Eýranly kardeşi Jawad Zarif bilen duşuşdy.

Duşuşykda ýadro ylalaşygynyň dowam etdirilmegi, bankçylyk we söwda ýaly iki ýurdun arasynda dürli ugurlarda edilýän gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Britaniýanyň Daşary işler ministri resmi saparynyň çäginde Eýranyň Mejlisiniň başlygy Ali Larijani we Ýokary milli howpsyzlyk geňeşiniň Baş sekretary Ali Şemhani bilen duşuşdy.

Boris Jonsyn Eýranyň ynjyk we durnuksyz sebitde ýerleşýändigi sebäpli gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň ähmiýetlidigini belledi.



Degişli Habarlar