Makron Trampyň Iýerusalim kararyndan soň taraplara jogapkärçilikli hereket etmek çagyryşyny berdi

Makron Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirlen Liwan üçin halkara goldaw toparynyň maslahatyna gatnaşdy

Makron Trampyň Iýerusalim kararyndan soň taraplara jogapkärçilikli hereket etmek çagyryşyny berdi

 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyndan soň sebitiň durnuklylygynyň ähmiýetine ünsi çekdi we taraplara jogapkärçilikli hereket etmek çagyryşyny berdi.

Makron Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirlen Liwan üçin halkara goldaw toparynyň maslahatyna gatnaşdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Amerikanyň Tel Awiwdäki ilçihanasynyň Iýerusalime göçürilmegi karary hakynda durup geçen Makron meseläniň Palestina bilen Ysraýylyň arasynda BMG-nyň ýolbaşçylygynda seljerilmelidigini nygtady.

Makron Trampyň kararynyň sebitdäki dartgynlygy has-da möwjetmezligi üçin her bir adamyň jogapkärçilikli hereket etmelidigini belledi.

Makron Katara guran resmi saparynyň çäginde beren beýanatynda “ABŞ-nyň Iýerusalim kararyny goldamaýaryn we halkara hukugyna bap gelmeýändigi üçin hem ýazgarýarys” diýipdi.



Degişli Habarlar