Al Aksa metjidiniň çyralary öçürildi

Gündogar Ierusalymda ýerleşýän Al Aksa metjidiniň çyralary öçürildi

Al Aksa metjidiniň çyralary öçürildi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ieursalym hakyndaky kararyny yglan etmeginiň yzy ýanyndan basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Ierusalymda ýerleşýän Al Aksa metjidiniň çyralary öçürildi.

Edil şol minutlarda Beýtullahim şäherinde hristiýanlar tarapyndan Hezreti Isanyň doglan ýeri bolan Mehd butnasynyň ýerleşýän meýdançasyndaky täze ýyl agajynyň hem çyralary öçürildi.

Gündogar Ierusalymy 1967-nji ýylyň 5-nji iýunynda basyp alan Ysraýyl 1980-njy ýylda bir taraply ýagdaýda şäheriň gündogaryny we günbataryny “birleşen paýtagt” hökmünde yglan etdi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi 1980-njy ýylda kabul eden 478 belgili karary bilen Ysraýylyň kararynyň kanuny güýjüniň ýokdygyny mälim etdi.

BMG-nyň kararlarynyň çäginde ABŞ bilen birlikde ähli halkara jemgyýetçiligi Gündogar İerusalymyň basyp alyşlyk astyndadygyny kabul edýär.

Ysraýyly ykrar eden ýurtlaryň ilçihanalary Tel Awiw şäherinde ýerleşýär.

Hiçbir ýurt Ierusalymy, gündogaryny ýada günbataryny paýtagt hökmünde ykrar etmeýär.



Degişli Habarlar