Saad Hariri Liwana gaýdyp bardy

Saud Arabystanynda 4-nji noýabrda Liwanyň Premýer ministr wezipesinden çekilendigini mälim eden Saad Hariri wezipesinden çekilendigini aýdanyndan 17 gün soň öz ýurdyna Liwana gaýdyp bardy

852519
Saad Hariri Liwana gaýdyp bardy

Müsür saparyny tamamlanyndan soň Kipriň Grek bölegine baran Hariri soň bolsa öz ýurdy Liwanyň paýtagty Beýrutdaky Refik Hariri halkara howa menziline bardy.

Giň-gerimli howpsyzlyk çäreleri bilen howa menzlinden çykan Saad Hariri janyna kast edilip öldürilen kakasy, ýurdyň ozalky Premýer ministri Refik Haririniň Beýrutada jaýlanan ýerine baryp, zyýarat edeninden soň Premýer ministrlik binasyna geçdi.

Saad Hariri Saud Arabystanynda 4-nji noýabrda wezipesinden çekilendigini aýtmagyndan soň, Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz bilen duşuşyk geçirdi, soň bolsa BAE-de we Fransiýada saparda boldy.

Saad Hariri hökümeti guranyna 1 ýyl dolman Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda wezipesinden çekilendigini mälim edipdi. Hariri Riýatda beren beýanatynda Hizbullahyň we Eýranyň ýurdy durnuksyzlaşdyrmak isleýändigini we özüniň janyna kast edilmäge synanyşylýandygyny belläpdi.

Liwanyň Prezidenti Mişel Awn bolsa Haririniň wezipesinden çekilmegi bilen baglanşykly: “Haririniň ýagdaýyna aladalanýarys. Ol Liwana gaýdyp gelmeli we wezipesinden näme sebäpli çekilmek isleýändigini bize aýan etmelidir. Diýilenleri ýerine ýetirmese wezipesinden çekilip bilmez” diýipdi.



Degişli Habarlar