Poroşenko: “Maksadymyz ÝB-e doly agza bolmak” diýdi

Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko maksatlarynyň Ýewropa Bileleşigine doly agza bolmakdygyny belledi

Poroşenko: “Maksadymyz ÝB-e doly agza bolmak” diýdi

Petro Poroşenko Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň paraşýutly harby bölümler üçin guralan çärede eden çykyşynda şu hepde gatnaşmagy meýilleşdirýän ÝB-Gündogar hyzmatdaşlygy maslahatynda ýurdunyň Ýewropa ýolundaky täze maksatlaryny kesgitlejekdiklerini nygtady.  

“Elbetde maksadymyz dünýäniň iň abraýly bileleşigi bolan ÝB-e doly agza bolmakdyr. Ukrainanyň ahyrynda Ýewropa öýüne gaýdyp barmagydyr. Reformalar bilen baglanşykly meýilnamalarymyz bizi oňa golaýlaşdyrar” diýen PoroşenkoRussiýanyň Ukraina garşy pozisiýasyna garamazdan ÝB bilen gatnaşyklaryň çuňlaşandygyny we Ukrainanyň ykdysadyýetiniň ýaňadandan janlanandygyny habar berdi.

Petro Poroşenko ÝB bilen gazanyljak ylalaşygyň Kremle garşy gazanyljak daşary syýasat söweşiniň boljakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar