Hindistan Ysraýyldan roketa almakdan ýüz öwürdi

Iki ýurduň arasynda roketa şertnamasy bilen arabaglanşykly gepleşikler 2014-nji ýyldan bäri dowam edýärdi

Hindistan Ysraýyldan roketa almakdan ýüz öwürdi

 

Hindistan Ysraýyldan satyn aljak 500 million dollarlyk roketa şertnamasyndan ýüz öwürdi.

İndian Ekspres gazetiniň Goranmak ministrligine esaslanýan habarynda, Hindistanyň Ysraýyldan 500 million dollarlyk roketa satyn almakdan ýüz öwürendigini ýazdy.

Ýolbaşçylar ýerli goranyş senagatynyň kämilleşdirilmegi üçin şeýle kararyň kabul edilendigini nygtaýar.

Iki ýurduň arasynda roketa şertnamasy bilen arabaglanşykly gepleşikler 2014-nji ýyldan bäri dowam edýärdi.

 

 

 



Degişli Habarlar