Arap ligasy Eýrany Husilere roketa bermek bilen aýyplady

Arap ligasy  Eýran meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Kairde jemlenişdi

850711
Arap ligasy Eýrany Husilere roketa bermek bilen aýyplady

Arap ligasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri adatdan daşary ýagdaýda  Eýran meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Kairde jemlenişdi.

Saud Arabystanynyň çakylygyna laýyklykda Müsüriň paýtagty Kairdäki Arap ligasynyň merkezi jaýynda geçirlen maslahatda Eýran Husilere roketa bermek bilen aýyplandy.

Arap ligasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Tähranyň sebitdäki täsiriniň azaldylmagy üçin birlikde hereket edilmegi çagyryşyny berdi.

Arap ligasynyň Baş sekretary Ahmed Abu Geýt maslahatyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde Eýranyň Husilere roketa berendigini aýtdy.

Ahmed Abu Geýt “Ýemende çaknyşyklaryň başlan gününden bäri 332 balistiki roketa ulanyldy. Şol roketalar Eýrandan gelýär. Eýran Arap ýurtlaryna garşy başbozarlara goldaw berýär” diýdi.

Bahreýiniň Daşary işler ministri Halid Bin Ahmed Al Halife hem Liwana çagyryş berdi

Al Halife “Liwan Hizbullahyň hüjümleri bilen Yrak, Siriýa, Ýemen we Bahreýin ýaly goňşy ýurtlardaky ähli hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne almaly” diýdi.

Eýranyň Arap ýurtlarynyň howpsyzlygyna wehim salýandygyny aýdan Al Halife, Eýranyň sebitde Hizbullah ýaly terror guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar