Federika Mogherini Mýanma gider

Mogherininiň Mýanma gurajak sapary Arakanly musulmanlaryň ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin amatly pursat hödürlär

Federika Mogherini Mýanma gider

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini 13-nji Aziýa-Ýewropa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Mýanma gider.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanata görä, Mogherini maslahatyň öňüsyrasynda Bangladeşe iş saparyny gurajakdygy we saparynyň çäginde Arakanly musulmanlaryň  Kokj Bazar şäherindäki düşelgesine baryp görer.

Mogherini iş saparynyň çäginde Bangladeşiň Premýer ministri Şyh Hasina bilen birlikde ynsanperwer kömek guramalarynyň wekilleri hem duşuşar.

Mogherini noýabr aýynyň 20-21-i aralygynda bolsa Mýanmada geçiriljek Aziýa-Ýewropa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar.

Mogherininiň Mýanma gurajak sapary Arakanly musulmanlaryň ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin amatly pursat hödürlär.

 



Degişli Habarlar