Dünýäde her 9 gyz çaganyň 1-i 15 ýaşyndan kiçi ýaşda durmuşa çykarylýar...

Maslahata Stambulda wagtlaýyn gorag astyna alynan siriýaly takmynan 250 bosgun gatnaşdy

Dünýäde her 9 gyz çaganyň 1-i 15 ýaşyndan kiçi ýaşda durmuşa çykarylýar...

 

Stambulda BMG-niň Ilat gaznasy, bosgunlar we migrantlar bilen jebisleşmek jemgyýetiniň ÝB-niň goldaw bermeginde “Çaga wagty durmuşa çykarmaga ýa-da öýlendirmäge garşy akyl ýetirme” paneli geçirildi.  

Maslahata Stambulda wagtlaýyn gorag astyna alynan siriýaly takmynan 250 bosgun gatnaşdy.

Maslahatyň açylyşynda çykyş eden BMG-niň Ilat gaznasy Ynsanperwer ýardam programasynyň Sebitleýin dolandyryjysy Duýgu Aryg çaga ýaşlarynda durmuşa çykarylmagyň ýa-da öýlendirilmegiň adam hukuklarynyň düzgünlerini bozmakdygyny belledi.

Kime we haçan durmuşa çykjakdygy ýa-da öýlenjekdigi barada gyzlaryň ýa-da oglanlaryň özüniň karar bermeldigini aýdan Aryg: “Toý etmek karary diňe özüňizi taýar duýan mahalyňyz däl, eýsem ulalan mahalyňyz berip biljegiňiz bir karardyr” diýdi.

Çaga ýaşda durmuşa çykarylmagyň ýa-da öýlendirilmegiň hem gyz çaga hem-de oglan çaga üçin zyýandygyny aýdan Aryg çaga ýaşda toý edilmegiň global bir meseledigini nygtady.



Degişli Habarlar