NATO-nyň Baş sekretary Türkiýeden ötünç sorady
Stoltenberg Norwegiýada geçirlen harby türgenleşikde başdan geçirlen waka sebäpli Türkiýeden ötünç sorady
NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Norwegiýada geçirlen harby türgenleşikde başdan geçirlen waka sebäpli Türkiýeden ötünç sorady.
Stoltenberg başdan geçirlen wakalaryň NATO-nyň garaýşyny beýan etmeýändigini aýtdy.
Stoltenberg “Wakalara sebäp bolan adam NATO-nyň işgäri däl. Norwegiýanyň adyndan türgenleşige gatnaşýan gullukçy” diýdi.
NATO Norwegiýada geçirlen türgenleşikde Atatürkiň we Prezident R. T. Erdoganyň nyşana alynmagy wakasynda bir tehniki işgär bilen ofiseriň ýaragly güýçleriň hataryndan çykarlandygyny habar berdi.
Norwegiýadaky Hyzmatdaş güýçleriniň serkerdeligi hem waka hakynda Türkiýäniň Baş ştabyna hat ýazyp ötünç sorady.
Prezident Erdogan Norwegiýadaky türgenleşikde Atatürkiň we özüniň foto suratynyň ýer alýan portrediniň “Duşmanyň portredi” hökmünde görkezilendigi sebäpli türgenleşige gatnaşan 40 türk esgeriniň türgenleşikden çekilendidigini habar beripdi.
Degişli Habarlar
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Sil we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 63 adama ýetdi.