Ispaniýanyň Premýer ministri Rahoý katalon syýasatçylar barada beýanat berdi

Mariano Rahoý kazyýet işi gozgalanlygy sebäpli tussaghanalara iberilen katalon syýasatçylarynyň syýasatda ýerleriniň ýokdygyny belledi

Ispaniýanyň Premýer ministri Rahoý katalon syýasatçylar barada beýanat berdi

Rahoý ispan radiolarynyň birinde beren beýanatynda Kataloniýadaky ýagdaýlaryň kadalanmagy bilen ykdysady görkezijileriň hem kadalaşjakdygyny belledi.

Mariano Rahoý: “Soňky wagtlarda Kataloniýada başdan geçirilen wakalar sebäpli 2018-nji ýyly ykdysady görkezijilerini 2,3 göterime çenli peseltdik, emma Kataloniýada ýagdaýlar kadalaşmaga başlasa bu ykdysady görkezijilere öz täsirini ýetirer we öňümizdäki ýylyň görkezijilerini 2,8 göterim bilen 3 göterime çenli ýetirip bileris” diýdi.

Rahoý 21-nji dekabrda Kataloniýada geçiriljek irki ýerli saýlawlardan ozal çap edilen ähli anketalarda garaşsyzlygyň tarapdary bolan syýasy partiýalaryň öňdedigi ýatladylmagyndan soň aýralykçy partiýalaryň Kataloniýada ýaňadandan hökümetiň başyna geçen halatynda merkezi hökümet hökmünde şu wagta çenli orta goýan pozisiýalarynyň üýtgemejekdigini belledi.



Degişli Habarlar