DAIŞ terrorçylarynyň PÝD bilen gizlin şertnama baglaşandygy ýüze çykdy

Siriýanyň Rakka şäherindäki syrlar DAIŞ terrorçylarynyň şäherden çykarylmagy üçin aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD bilen gizlin şertnama baglaşandygy ýüze çykdy

DAIŞ terrorçylarynyň  PÝD bilen gizlin şertnama baglaşandygy ýüze çykdy

İňlis ýaýlym guramasy BBC DAIŞ-e agza 250 terrorçy bilen maşgalalarynyň ABŞ tarapyndan goldanýan aýralykçy terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-niň guran operasiýasy bilen howpsyz ýagdaýda Rakkadan çykarlandygyny ýüze çykardy.

BBC-niň habarçylaryndan Sommerwille bilen Dalatiniň habaryna görä, DAIŞ terrorçylary geçen aý PÝD/ÝPG-nyň goldawy bilen Rakkadan çykaryldy.

Rakkadan çykarlan DAIŞ terrorçylarynyň arasynda daşary ýurtly köp sanly terrorçy hem bardy.

DAIŞ-e agza 250 terrorçy Rakkanyň ABŞ tarapyndan goldanýan PÝD/ÝPG-li terrorçylar tarapyndan ele geçirilmeginden öň ýüzlerçe ulaglyk kerwen bilen şäherden giden we esasy bölegi DAIŞ-li terrorçylaryň maşgalalaryndan ybarat 4 müň adamyň arasynda ýer alýardy.

BBC-niň habaryna görä, daşary ýurtly DAIŞ-li onlarça terrorçy hem ýaraglary bilen birlikde 10 ulag bilen Rakkadan aýryldy.

Habarda şol ulaglardan biriniň sürüjüsi Abu Fewziniň düşündirişine hem ýer berildi.


Etiketkalar: ABŞ , Rakka , terrorçy , DAIŞ , BBC

Degişli Habarlar