Britaniýa Russiýany günäkärledi...

Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meý Russiýany halkara düzgüne howp abandyrmak bilen günäkärledi

Britaniýa Russiýany günäkärledi...

Londonyň Maliýe merkezinde çykyş eden Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meý halkara düzgün-kadalara howp salýanyň Russiýanyň hereketleridigini nygtady.

Meý Russiýanyň soňky birnäçe ýylda Günbatar ýurtlarynda geçirilen saýlawlara garjaşandygyny, döwlet guramalaryna kiber hüjümler gurandygyny belledi.

Tereza Meý Russiýanyň döwlet mediasynyň eli bilen Günbatar ýurtlarynda dartgynlyklar ýüze çykarmak we edaradyr-kärhanalaryň köküni gazmak üçin ýalan habarlar berýändigini öňe sürdi.

Ýurdunyň özüni goramak üçin elinden gelenini etjekdigini we hyzmatdaşlary bilen bu ugurda işleşjekdigini aýdan Tereza Meý sowuk söweş zamanasyna gaýdyp gelmek islemeýändiklerini belledi.

Britaniýanyň Premýer minstr Meý gerek bolan halatynda harby güýç ulanmakdan hem gaýra durmajakdyklaryny hem habar berdi.



Degişli Habarlar