Saud Arabystany Liwandaky raýatlaryna ýurdy terk etmekleri üçin çagyryş berdi

Saudy hökümeti mundan başgada başga ýurtlaradaky raýatlarynyň hem Liwana gitmezlikleri üçin duýduryş berdi

Saud Arabystany Liwandaky raýatlaryna ýurdy terk etmekleri üçin çagyryş berdi

 

Saudy hökümedi iki ýurduň arasynda başdan geçirilýän dartgynlykdan soň raýatlarynyň gyssagly Liwany terk etmeklerini isledi.

Saudy hökümeti mundan başgada başga ýurtlaradaky raýatlarynyň hem Liwana gitmezlikleri üçin duýduryş berdi.

Liwanyň Premýer ministri Saad Haririniň şenbe güni Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda wezipesinden çekilmeginden soň Hizbullahyň Baş sekretary Hasan Nasrallah şol kararyň arkasynda Saudy hökümetiniň bardygyny öňe sürýär.

Dartgynlyk Ýemendäki Husileriň Riýada balistiki roketa atmagy we Saudy ýolbaşçylarynyň ady agzalýan hüjümden Eýranyň we Hizbullahyň jogapkärdigini öňe sürmegi bilen has-da artypdy.

Wezipesinden çekilen we ýurduna gaýdyp barmadyk Hariri bolsa ýurdunyň  “başbozar Hizbullah topary tarapyndan ýesir alynandygyny” öňe sürüpdi.

Liwanyň Prezidenti Mişel Aoun bolsa daşary ýurtda bolan Hariri ýurduna gaýdyp gelýänçä  Premýer ministriň wezipesinden çekilýändigi hakyndaky arzasyny kabul etmejekdigini mälim etdi.


Etiketkalar: Liwan , duýduryş , terk etmek

Degişli Habarlar