"Liwan bilen Saud Arabystanynyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlykda Fransiýa töwellaçylyk edýär"

Saad Haririniň Fransiýanyň Saud Arabystanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşandygy habar berildi

"Liwan bilen Saud Arabystanynyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlykda Fransiýa töwellaçylyk edýär"

 

Şenbe güni Liwanyň Premýer ministri wezipesinden çekilen Saad Haririniň Fransiýanyň Saud Arabystanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşandygy habar berildi.

Saud Arabystanynda bolýan Haririniň Fransiýanyň Saud Arabystanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gouýette bilen duşuşandygy habar berildi.

Saud Arabystanynda mahaly 4-nji noýabrda şenbe güni wezipesinden çekilýändigini aýan eden Haririniň şol günden bäri Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda möhüm duşuşklar geçirýändigine üns çekilýär.

Hariri soňky 3 günde Birleşen Arap Emirliklerinde Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Zaýid Al Nahýan, Pars aýlag ýurtlarynda saparda bolan ÝB-niň ýolbaşçylary, ABŞ-nyň Saud Arabystanyndaky geňeşçi ilçisi Henzel we Britaniýanyň Saud Arabystanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kollins bilen duşuşdy.

Liwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda Liwan bilen Saud Arabystanynyň arasynda başdan geçirilýän syýasy krizisiň çözülmegi üçin Fransiýanyn töwellaçylyk edýändigi öňe sürülýär.

 



Degişli Habarlar