Russiýanyň paýtagty Moskwada bomba howsalasy...

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde bombanyň barlygy barada berilen ýalňyş duýduryşlar howsala döretdi

841273
Russiýanyň paýtagty Moskwada bomba howsalasy...

Russiýanyň habarlar agentlikleriniň howpsyzlyk çeşmelerine esaslanyp berýän habaryna görä paýtagt Moskwanyň merkezindäki Bolşoý teatrynda, GUM söwda merkezinde we Metropol myhmanhanasynda kim tarapyndan aýdylandygy näbelli bolan bombanyň bardygy baradaky duýduryş sebäpli 3500-den gowrak adam ady agzalan binalardan çykaryldy.

Aralarynda söwda merkezleri, otly beketleri, uniwersitetler we myhmanhanalar ýaly edaradyr-kärhanalar bolan 20-den gowrak ýerde bombanyň bardygy barada berilen duýduryşlar sebäpli müňlerçe adam ol ýerlerden çykarylyp, howpsyz ýerlere göçürildi.

Russiýanyň tapawutly sebitlerinde 11-nji sentýabrdan bäri telefon arkaly berilýän köp sandaky ýalňyş duýduryşlar sebäpli takmynan 1,4 million adam howpsyz ýerlere ýerleşdrildi.



Degişli Habarlar