PKK/PDÝ-niň ABŞ-nyň goldaw bermeginde Rakkada guraýan operasiýasynda 1873 adam ýogaldy
Beýanatda howa hüjüminde azyndan 1873 adamyň ýogalandygy, 450 müňden gowrak adamyň hem öýlerini terk edendigi ýatladyldy
Aýralykçy terror guramasy PKK/PDÝ-niň Siriýada ABŞ-nyň goldaw bermeginde Rakka şäherinde guraýan operasiýasynda asuda ilatdan azyndan 1873 adam ýogaldy, 450 müňden gowrak adam hem başga ýere göçmeli boldy.
“Rakka gyrgyna berilýär” atly aktiwistiň beren beýanatynda PKK/PÝD-niň 6-njy iýundan bäri ABŞ-nyň goldaw bermeginde Rakkada 3829 howa hüjümini gurandygy nygtaldy.
Beýanatda howa hüjüminde azyndan 1873 adamyň ýogalandygy, 450 müňden gowrak adamyň hem öýlerini terk edendigi ýatladyldy.
Beýanatda Rakkada 90-dan gowrak kamikaze hüjüminiň guralandygy, 8 hassahananyň, 29 metjidiň, 40 mekdebiň, 5 uniwersitetiň we 4 köprüniň ýykylandygy aýratyn bellenildi.
Beýanatda şeýle hem şäheriň 90 göteriminiň ýer bilen ýegsan edilendige üns çekildi.
Terror guramasy DAIŞ 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Rakka şäherini ele geçiripdi.
Degişli Habarlar
Ysraýyl 201 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Gaza Sektorynda ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 79 adam artyp 34 müň 262 adama ýetdi.