“Olaryň Kerkukda çaknyşmagyndan hoşal däldiris. Bu söweşde kimdir birine goldaw bermeýäris”

Tramp Ak Tamda metbugata beren beýanatynda Kerkuk şäherinde başdan geçirilýän wakalar hakynda beýanat berdi

828386
“Olaryň Kerkukda çaknyşmagyndan hoşal däldiris. Bu söweşde kimdir birine goldaw bermeýäris”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Yragyň Kerkuk şäherinde çaknyşýan taraplaryň arasynda haýsydyr bir tarapa goldaw bermeýändigini aýtdy.

Tramp Ak Tamda metbugata beren beýanatynda Kerkuk şäherinde başdan geçirilýän wakalar hakynda beýanat berdi.

Prezident Tramp, Kerkukda Yragyň merkezi hökümeti bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň arasynda başdan geçirilýän çaknyşyklardan hoşal däldiklerini nygtady.

Tramp ABŞ-nyň Kerkuk meselesindäki pozisiýasy hakynda “Olaryň Kerkukda çaknyşmagyndan hoşal däldiris. Bu söweşde kimdir birine goldaw bermeýäris”diýdi.

Beýleki tarapdan resmi Waşington Kerkuk şäherinde başdan geçirilýän wakalar meselesinde taraplara sagdyn pikirlilik çagyryşyny berdi.

 

 



Degişli Habarlar