Wenesuelanyň Prezidenti Maduro Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi

Maduro döwlet telewideniýesinde ýaýlyma berilýän hepdelik gepleşikleriň birinde çykyş etdı

Wenesuelanyň Prezidenti Maduro Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro özüni elmydama tankyt edýän ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa minnetdarlyk bildirip: “Meni bütin dünýä meşhur etdiň” diýdi.

Maduro: “Onda men käbir zatlary dogry edýärin” diýip belledi.

Döwlet telewideniýesinde ýaýlyma berilýän hepdelik gepleşikleriň birinde çykyş eden Maduro Trampy göz öňünde tutup: “Meni bütin dünýä meşhur etdi. Haçanda men barada gürrüň etse, meni has hem gowy görýärler” diýdi.

Nikolas Maduro “Imperiýanyň lideriniň” her gün özi barada gürrüň edýändigi üçin “Örän hoşaldygyny” nygtady.

Trampyň özüni we Sosialist partiýany elmydama tankyt edýändigini aýdan Maduro ABŞ-nyň Prezidentiniň “Wenesuelanyň oppozisiýasynyň lideri” ýagdaýyna öwrülendigini belledi.

Tramp Maduronyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň diktatordygyny öňe sürüpdi we ýurtdaky demokratiýany basdyrýandygyny nygtapdy.

Maduro bolsa oňa jogap hökmünde Waşingtonyň Wenesuelanyň içerki işlerine goşulyp hökümeti agdarmak isleýändigini öňe sürüpdi.



Degişli Habarlar