Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda indi bolsa baýdak krizisi başlady

San-Fransiskodaky konsullygynyň baýdaklarynyň ogurlanandygyny öňe süren resmi Moskwa Waşingtona nägilelik bildirdi

Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda indi bolsa baýdak krizisi başlady

Russiýanyň Waşingtondaky ilçihanasy twitter hasabynda beren beýanatynda boşaldylan San-Fransiskodaky konsullyk binasyndaky Russiýanyň baýdaklarynyň ogurlanandygyny habar berdi.

Baýdaklaryň yzyna gaýtarylyp berilmegini isleýän ilçihana baýdaklaryň sütünleriniň boş suratlaryny hem paýlaşdy.

Ogurlanandygy baradaky öňe sürmeleri ret eden ABŞ bolsa baýdaklaryň sütünden aýyrlyp binada saklanýandygyny mälim etdi.

Iki ýurdyň arasyndaky diplomatik krizisde Amerikan hökümeti Russiýadan San-Fransiskodaky konsullygyň boşaldylmagyny isläpdi.

Konsullygyň işgärleriniň binany geçen aý boşaltmagyndan soň Amerikan tarapy binanyň käbir ýerlerini ulanmaga başlapdy.



Degişli Habarlar