Ispaniýada harby uçar ýere gaçdy

Ispaniýanyň Milli güni dabaralaryna gatnaşan harby uçarlaryň biriniň baza gaýdyp gelýän mahalynda ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmany ýogaldy

Ispaniýada harby uçar ýere gaçdy

Ispaniýanyň mediasynda berilýän habara görä Eurofighter Typhoon kysymly uçar paýtagt Madridiň 300 km günorta-gündogaryndaky Llianos De Albakate şäherçesinde entek anyklanmadyk sebäbe görä ýere gaçdy.

Hadysa Madritdaki Hispanidad güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşan uçaryň baza gaýdyp gelýän mahaly boldy.

Kastilýa-La Manşa Awtonom dolanşygynyň başlygy Emiliano Garsia Page Twitter hasabyndan beren beýanatynda hadysada uçaryň uçarmanynyň ýogalandygyny habar berdi.

 



Degişli Habarlar