Amerikanyň Prezidenti Donald Tramp mediany tankyt etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp ýene-de bir gezek ýalňyş habar ýazmak bilen aýyplan mediany tankyt etdi

Amerikanyň Prezidenti Donald Tramp mediany tankyt etdi

NBC telewideniýesiniň özüniň has köp ýadro ýarag isleýändigi bilen baglanşykly habarynyň ýalňyşdygyny aýdan Tramp diňe ýaraglaryň kämilleşdirilmegini talap edendigini belledi.

Metbugatyň isledigini ýazyp bilýän bolmagynyň ýigrenç bir zatdygyny aýdan Prezident Tramp bu meseläniň ele alynmagynyň möhümdigini nygtady.

Tramp kabelli ýaýlym berýän habar kanallarynyň gerek bolan halatynda ýaýlym hukuklarynyň ellerinden alynmagynyň gerekdigini belledi.

NBC telewideniýesi geçen hepde Daşary işler ministr Reks Tillersonyň Prezident Trampa “Kemakyl” diýendigi baradaky habar bilen gün tertibe gelipdi.

Ak Tam habaryň ýalňyşdygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar