Ýewropa Kataloniýa çagyryş berdi

ÝB garaşsyzlyk yglanyny soňa goýan Kataloniýa çagyryş berdi

Ýewropa Kataloniýa çagyryş berdi

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Waldis Dombrowskis ÝB Komissiýasynyň agzalarynyň hepdelik maslahatyndan soň beren beýanatynda Kataloniýa krizisni gysga edip ele alandyklaryny mälim etdi.

Ispaniýadaky ýagdaýy ýakyndan gözegçilik edýändiklerini aýdan Waldis Dombrowskis: “Komissiýa Ispaniýadaky konstitutsion düzgüne dolulugyna hormat goýulmagyna çagyrýar” diýdi.

Ispaniýanyň guramalaryna we Premýer ministr Mariano Rahoýa ynanýandyklaryny aýdan Waldis Dombrowskis: “Bölünmegiň we dargamagyň hötdesinden geljek, birligi we Ispaniýanyň konstitutsiýasyna hormat goýulmagy üçin ediljek tagallalara goldaw berýäris” diýdi.

Ispaniýanyň gündogaryndaky Kataloniýa Awtonom dolanşygy Konstitutsion kazyýetiniň bikanun hökmünde yglan etmegine garamazdan 1-nji oktýabrda garaşszylyk referendumyny geçiripdi.

Kataloniýa Awtonom dolanşygynyň başlygy Karles Puigdmont garaşsyzlyk yglanyny merkezi hökümet bilen dialog arkaly çözmek üçin düýn soňa geçirendiklerini habar beripdi.



Degişli Habarlar