Hindistanda harby dik uçar ýere gaçdy

Wakada 7 adam ýogaldy

Hindistanda harby dik uçar ýere gaçdy

Hindistanyň demirgazygynda harby dik uçaryň ýere gaçmagy sebäpli 7 adam ýogaldy.

Içeri işler müdürligi tarapyndan berilen beýanatda Hindistanyň Harby awiasiýasyna degişli uçaryň ýurdyň Arunaçal Pradeş welaýatynyň Tawang diýilen ýerindäki daglyk sebitde ýere gaçandygy mälim edildi.

Dik uçar heläkçiligi bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.

Hindistanda soňky wagtlarda ýygy-ýygyndan dik uçar heläkçilikleri bolýar. Hökümet dik uçar heläkçilikleriniň uçarmanlar we tehniki näsazlyklar sebäpli bolýandygyny belleýärler.



Degişli Habarlar