Germaniýadaky tupanda 7 adam ýogaldy

Germaniýanyň Gamburg we Berlin şäherlerine öz täsirini ýetiren tupanda jemi 7 adam ýogaldy

Germaniýadaky tupanda 7 adam ýogaldy

Tizligi sagatda 180 kilometre ýeten ýel sebäpli agaçlar ýykyldy.

Ulaglaryň üstüne gaçan agaçlar sebäpli 2 adam ýogaldy.

Ondan başgada Brandenburg sebitinde we paýtagt Berlinde 5 adam ýogaldy.

Bolan beýleki wakalarda bolsa köp sanda adam ýaralandy.

Gamburgyň resmileri ýaşaýjylara daşaryk çykmazlyklary barada duýduryş berdiler.

Paýtagt Berlindäki howa menzilinde uçar gatnawlaryň käbirleri gijikdi.

Köpçülikleýin ulaglarda bökdençlikler boldy.

Käbir otly gatnawlary bolsa goý bolsun edildi.

Amsterdam-Berlin gatnawyny amala aşyrýan ýokary tizlikli otlynyň ýolagçylary otlydan çykarylyp, sport zalyna ýerleşdirildi.

Tupanyň Polşa tarap ýol alandygy mälim edildi.


Etiketkalar: gatnaw , uçar , paýtagt , otly , tupan , Gamburg , Berlin , Germaniýa

Degişli Habarlar