Saud Arabystanynyň Şasynyň Russiýa taryhy sapary

Ikiçäk duşuşykdan ozal çykyş eden Şa Selman Siriýada syýasy bir çözgüdiň durmuşa geçirilmelidigini belledi

821152
Saud Arabystanynyň Şasynyň Russiýa taryhy sapary

Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdülaziz Russiýa sapar guran Saud Arabystanynyň ilkinji Şasy hökmünde Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin duşuşdy.

Ikiçäk duşuşykdan ozal çykyş eden Şa Selman Siriýada syýasy bir çözgüdiň durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçiren bikanun garaşsyzlyk referendumynyň hem üstünde durup geçen Şa Selman bu ýurdyň territorial bütewiliginiň goralmalydygyny nygtady.

Saud Arabystanynyň şasy Halkara jemgyýeti Arakanly musulmanlar üçin jogapkärçilik almaga çagyrdy.

Şa Selman we Putin geçiren duşuşyklaryndan soň Russiýa we Saud Arabystany 1 milliard dollarlyk umumy maýa goýum gaznasy üçin ylalaşdylar. 

Beýleki tarapdan Russiýanyň nebit-himiýa öndürijisi SIBUR we Russiýanyň döwlet maýa goýum gaznasy RDIF bilen Saud Arabystanynyň milli nebit we gaz kärhanasy ARAMKO-nyň arasynda memoranduma gol çekildi.

 



Degişli Habarlar