Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň bikanun referendumy başlady

Sebitde ses bermek işleri başlandy

813307
Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň bikanun referendumy başlady

Yragyň Kürt Awtonomiýasy Yragyň Federal kazyýetiniň konstitutsiýa tersdigini yglan etmegine garamazdan garaşsyzlyk referendumyny geçirýär.

Sebitde ses bermek işleri başlandy.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň birtaraplaýyn ýagdaýda geçirýän türkmenler we araplar tarapyndan boýkot edilýän referendum üçin Erbil, Süleýmaniýe we Duhok wealaýatlary bilen birlikde jedelleşikli Kerkük welaýatynyň ähli ýerinde, Salahaddin welaýatynyň Tuzhurmatu etrabynda, Diýala welaýatynyň Hanekin etrabynda we Jelwala we Karatepe etrapçalarynda saýlaw uçastoklary döredildi.

Referendum gysga wagt ozal terror guramasy DAIŞ tarapyndan basylyp alynan Mosul welaýatynyň Sinjar, Mahmur, Telkeýf, Hamdaniýe, Şeýhan etraplary bilen birlikde Zummar, Rabia, Nemrud we Bartilla etrapçalarynda geçirilýär.

7 müňi Yragyň Kürt Awtonomiýasynda, 5 müňi bolsa jedelleşikli sebitlerde jemi 12 müň ýerde goýulan saýlaw gutylrynda takmynan 5 million 200 müň saýlawçynyň ses bermegine garaşylýar.



Degişli Habarlar