İdlibe guralýan howa hüjümleri dowam edýär

Şu gün guralan hüjümlerde asuda ilatdan azyndan 6 adam ýoğaldy

İdlibe guralýan howa hüjümleri dowam edýär

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligindäki İdlib welaýatynyň Sarakib we Nebile traplaryna, Han Seýhun we Temeniýe etrapçalary, Kefer Sinje, Has, Ken Sehra we Serje obalary ertiriň irki sagatlaryndan bäri güýçli howa hüjümine sezewar edilýär.

Siriýanyň hökümetiniň 4-nji aprelde himiki hüjüm guran Han Seýhun etrapçasyndaky raýat goranyşynyň jogapkär işgäri Enes Diýab; “5 gezek uçar hüjümi guraldy. Merkezimiz dolulygyna hatardan çykdy. Tiz kömek ulaglarymyz we halas ediş ulaglarymyz hem şeýle” diýdi.

Diýab, hüjümleriň Russiýa degişli harby uçarlar tarapyndan guralandygyny öňe sürdi.

Kefer Sinjar obasynda ýanyp, pida bolan çagalardan biriniň fotosuratlary sosial mediada berk garşylyklara sebäp boldy.

Serje obasynda azyndan bäş adamyň ýogalandygy habar berildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ortaýer deňizindäki rus deňiz flotuna degişli “Welikiý Nowogorod” deňizasty gämisiniň Siriýanyň İdlib şäherindäki Al Nusra Frontyna degişli pozisiýalary “Kalibr” kysymly kruz raketalary bilen urandygyny habar berdi.

Siriýada terrorçylyga garşy edilýän göreşiň çäginde Ortaýer deňzinde iş alyp barýan rus deňiz flotuna degişli “Welikiý Nowogorod” deňizasty gämisi Amerikan howpsyzlyk gullugy tarapyndan goldanýan “Fetih Al Şam” guramasynyň söweşijileriniň şu hepde İdlibdäki dartgynlygy azaldyş zolagynda guran hüjüminden soň guramanyň şol şäherdäki pozisiýalaryny nyşana aldy.

Şu gün İdlibiň ähli ýerinde howpsyzlyk sebäpli juma namazyna gitmezlik barada çagyryş edildi.

Soňky 4 günde İdlibiň günoretasyndaky howa hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan 23 adam ýogaldy.

2015-nji ýylyň martynda oppozisionerleriň gözegçiligine geçen İdlib içerki urşuň dowamynda hökümetiň güýçli hüjümlerine sezewar boldy.

Hökümet Han Seýhun etrapçasynda 4-nji aprelinde guran himiki hüjüminde azyndan 100 adamyň ölmegine sebäp bolupdy.

Türkiýäniň we Russiýanyň öňbaşçylyk etmeginde Gazagystanyň paýtagty Astanada başladylan gepleşikleriň netijesinde şähere guralýan hüjümler 2,5 aýdan bäri eslije azalypdy.

Emma 2,5 million ilatly şäher wagtal-wagtal hökümetiň hüjümlerine sezewar bolýar.

Geçen hepde anna güni ylalaşygyň kepillendirijisi Türkiýe, Russiýa we Eýran İdlibdäki “çaknyşyksyzlyk zolagynyň” çäkleri barada ylalaşypdy. Kepillendiriji ýurtlar şäherde oppozisionerler bilen gündogaryndaky hökümete degişli güýçleriň arasyna synçy güýç ugratmak barada ylalaşypdy.



Degişli Habarlar