Eýran Ysraýyla hemle atdy

Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Seyyid Abdülrahim Musawi Ysraýyly ýyldyrym deýin ýer bilen ýegsan edip biljekdiklerini belledi

Eýran Ysraýyla hemle atdy

Jerusalem Post gazediniň Eýranyň metbugatyna esaslanyp berýän habaryna görä Musawi Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Nýu-Ýorkda geçiren duşuşygyndan ozal: “Sionist hökümeti Eýran Yslam Respublikasyna garşy akmak hereket etmezligi üçin duýduryş berýäris. Şolar ýaly bir ýagdaý bolan halatynda Tel-Awiwi we Haýfaýy ýer bilen ýegsan ederis” diýdi.

Ak Tam tarapyndan berilen beýanatda Trampyň we Netanýahunyň “Eýranyň sebitdäki täsiriniň sazlanmagy babatynda pikir birligi içindedigi” bellenipdi.

Musawi beýanatynda Eýranyň Siriýadaky hereketlerini tankyt eden ysraýylly bir resmä şeýle jogap berdi: “Dünýä bu sionist mekir ysraýylly resminiň eden günälerini hiç wagt ýatdan çykarmaz. Başyny öňe egip, näçe ömrüniň galandygyny hasaplasyn. Sebäbi sionist hökümetiň etjek islendik bir ýalňyşy Ysraýylyň galan 25 ýyllyk ömrüni has hem azaldar, Eýran sionist hökümeti ýyldyrym dek ýok eder” diýdi.



Degişli Habarlar