Owganystanyň paýtagty Kabulda partlama boldy

Hadysada ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda partlama boldy

Owganystanyň paýtagty Kabuldaky kriket stadionynda oýun oýnalýan mahalay bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 2 howpsyzlyk işgäri ýogaldy.

Partlama Kabul halkara Kriket stadionynyň gapylarynyň birinde boldy.

Owganystanyň Tolo News habarlar gullugynyň berýän habaryna görä Owganystanyň Kriket geňeşi wakany tassyklady we ähli türgenleriň howpsyz ýagdaýdadygyny belledi.

Wakanyň ýerli wagt bilen sagat 15:45-de bolandygy we partlamadan soň oýunyň duruzylandygy habar berildi.

Partlamada stadionda gözegçilik işlerini geçirýän howpsyzlyk güýjüniň 2 işgäriniň ýogalandygy mälim edildi.


Etiketkalar: stadion , partlama , kriket , Kabul , Owganystan

Degişli Habarlar