Malaýziýadaky mekdeplariň birinde ýangyn ýüze çykdy

Hadysada ilkinji kesgitlemelere görä 24 adam ýogaldy

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda dini bilim berýän mekdepleriň biriniň umumy ýaşaýyş jaýynda ýüze çykan ýangynda 24 adam ýogaldy.

Resmiler şäheriň daşynda ýerleşýän 3 gatly binada düýn gije ýüze çykan ýangynyň 1 sagadyň dowamynda söndürilendigini, penjerelerde demir gözenekleriň bar bolmagy we çykalganyň diwarlar bilen ýapylmagy sebäpli binanyň içinde galan 22 erkek okuwçynyň we 2 mugallymyň ýogalandygyny habar berdiler.

Kuala-Lumpuryň Içeri işler müdüri Amar Singh ýangynda ýogalan okuwçylaryň 13 bilen 17 ýaş aralygynda bolandygyny mälim etdi.

Elektrik toklardaky näsazlyk sebäpli ýüze çykandyr diýip çak edilýän ýangynda 14 okuwçy bilen 4 mugallyk halas edildi, şolaryň 6-sy hassahanada bejergi astyna alyndy.

Malaýziýanyň Kedah welaýatynda 1989-njy ýylda dini bilem berýän hususy mekdepleriň birinde ýüze çykan ýangynda hem 27 gyz okuwçy ýogalypdy.

Degişli Habarlar