Guterreş: “Yrakda bir taraply başlangyçlardan çetde durulmaly”

BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş Yrakda bir taraply başlangyçlardan çetde durulmalydygyny beýan etdi

Guterreş: “Yrakda bir taraply başlangyçlardan çetde durulmaly”

Guterreş BMG-de geçiren metbugat ýygnagynda Yragyň Kürt Awtanomiýasynda 25-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän referendum baradaky soraga beren jogagynda, Yragyň diýseň dartgynly günleri başdan geçirýändigini aýtdy.

Guterreş: “Bu günler Yrak üçin iňňän ynjyk we bir taraply kabul ediljek kararlaryň bu ynjyk tapgyra zyýan ýetirmezligini tama edýärin” diýdi.

Sebite birnäçe gezek sapar gurandygyny we kürt liderleri bilen duşuşandygyny, olaryň adalaryna düşünýändigini beýan eden Guterreş: “Meniň häzirki islegim Erbil bilen Bagdadyň aragatnaşyk saklamagy we onsuz hem ynjyk bolan sebitde durnuklylygyň ornaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi” diýdi.


Etiketkalar: Antoniu Guterreş

Degişli Habarlar