Fransiýa Türkiýäniň Russiýadan almak isleýän S-400 ulgamy bilen bagly garaýyş beýan etdi

Fransiýa Türkiýäniň Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamyny almagynyň özüniň garaşsyz islegidigini belledi

Fransiýa Türkiýäniň Russiýadan almak isleýän S-400 ulgamy bilen bagly garaýyş beýan etdi

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Agnes Romate-Espan geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýäniň Russiýadan almaga niýetlenýän S-400 raketa goranyş ulgamy bilen bagly berilen soraga jogap berdi.

Metbugat geňeşçisi Agnes Romate-Espan: “Türkiýäniň bu harby ulgamy almagy garaşsyz bir islegdir we NATO agza ýurtlaryň şonuň üstüne aýdyp biljek zady ýokdyr” diýdi.

NATO-daky hyzmatdaşlarynyň sebitindäki howplara garşy göreşýän Türkiýä güýçli ýagdaýda goldaw berýändigini aýdan metbugat geňeşçi NATO-nyň 2013-nji ýylda Türkiýäniň talabyna laýyklykda ýurdyň gündogarynda raketa goranyş ulgamyny ýerleşdirendigine ünsleri çekdi.



Degişli Habarlar