Awstraliýada kengurularyň artyşynyň öňi alynmaga synanyşylýar

Awstraliýanyň simwoliki haýwanlarynyň biri bolan kengurularyň sanynyň adamlaryňkydan geçmegi bilen hünärmenler çäräni şol haýwanlaryň iýilmeginde tapdylar

Awstraliýada kengurularyň artyşynyň öňi alynmaga synanyşylýar

Ýurdyň toprak eýeleri we ekologik hünärmenler materikdäki adamlaryň sanynyň 2 essesine ýeten kengurularyň awlamak arkaly azaldylmagy üçin çagyryş berdiler.

Hünärmenler kengurularyň ekin meýdanlara zeper ýetirýändigini, oba-hojalyklarda köpeldilýän haýwanlara aýrylyp goýulan iýmitleri iýýändiklerini we wagtal-wagtal adamlara hüjüm edýändiklerini belläp, awlamak arkaly has uly zyýanyň öňüniň alynyp bilinjekdigini öňe sürýärler.

2016-njy ýyldaky hasabata görä ýurtda takmynan 45 million kenguru ýaşaýar. Bu bolsa 24,13 million ilatly materikde ýaşaýan adamlaryň essesine golaýyny emele getirýär.

Beýleki tarapdan bolsa ýagsyz we gaty bolmagy sebäpli kengurularyň eti köp iýilmeýär.


Etiketkalar: ýurt , materik , ilat , kenguru , Awstraliýa

Degişli Habarlar