Hytaýda 900 müň adamy aldan adam ömür boýy azatlykdan mahrum edildi

Hytaýyň iň uly piramidasyny emele getirip 900 müň adamy aldap puluny alan Ding Ning atly adam ömür boýy azatlykdan mahrum edildi

Hytaýda 900 müň adamy aldan adam ömür boýy azatlykdan mahrum edildi

Hytaýyň paýtagty Pekinde bolan kazyýet diňlenşiginde 34 ýaşly Ding Ning we kärhanasynyň işgärleri adamlaryň 7,7 milliard dollaryny bikanun ýollar bilen almak bilen aýyplandy. 

Kärhananyň esaslandyryjysy Ding Ning ömür boýy azatlykdan mahrum edildi we 15 million dollar pul jezasy berildi.

Ding Ning bilen birlikde kazyýetiň öňüne çykan 24 adam bolsa 3 bilen 15 ýyl aralykda azatlykdan mahrum edildi.

Mundan başgada Yunchen Group kärhanasyna 270 million dollar pul jezasy berildi.

Geçen ýyl ýüze çykan bu piramidadan soň Hytaýyň polisiýa gullugy häzirki wagtda hem adamlaryň pullaryny halas etmäge synanyşýar.



Degişli Habarlar