Han: “Türkiýe ÝB-niň strategik sebitdäki möhüm hyzmatdaşy”

Ýewropa Komissiýasynyň Agzalyk gepleşiklerinden jogapkär komissary Ýohannes Han Türkiýäniň ÝB-niň strategik sebitdäki möhüm hyzmatdaşydygyny aýtdy

Han: “Türkiýe ÝB-niň strategik sebitdäki möhüm hyzmatdaşy”

Han: “Biz hyzmatdaş, diýseň kynçylykly hyzmatdaşlyk, emma köp sanly başlangyç meselelerde hyzmatdaşlyk edýäris” diýdi.

Fransiýanyň Strazburg şäherinde öz işini dowam etdirýän Ýewropa Parlamentiniň sessiýasynda Türkiýäniň ÝB bilen edýän gatnaşyklary seljerilip, agzalyk gepleşikleri we taraplaryň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi analiz edildi.

Maslahatynyň açylyşynda çykyş eden Ýohannes Han taraplaryň şertlerden hoşal däldigini nygtap; “Türk kärdeşlerimiz bilen soňky duşuşygymyzda gatnaşylarymyzyň uzak möhletli bolmagy üçin şertleriň özgerdilmeginiň möhümdigini beýan etdik” diýdi.

Han: “Türkiýe strategik sebitde ÝB-niň möhüm hyzmatdaşy. Biz hyzmatdaş, diýseň kynçylykly hyzmatdaşlyk. Emma esasy ugurlarda hyzmatdaşlyk edýäris. Açyk, dogruçyl we tankydy, käte oňyn, käte bolsa diýseň dartgynly hyzmatdaşlygymyz bar” diýip nygtady.

Ýewropa Parlamentiniň Türkiýe boýunça raportýory Kati Piri bilen: “Türk halkynyň öňünden ÝB-ne agzalyk maksadynyň aýrylmagy uly ýalňyşlyk bolar” diýmek bilen, şöhratparazlygyň we daşary ýurt duşmançylygynyň bu meseleden çetleşdirilmelidigini beýan etdi.

Halklaryň we azatlyklaryň Ýewropasy toparynyň fransuz agzasy Aduard Ferrand bolsa ÝB-niň ýolbaşçylaryny tankyt edip: “Mundan bir asyr ozal Türkiýäni Ýewropanyň hassasy hökmünde häsýetlendirýärdik. Emma şu günki günde hakyky hassa ÝB” diýdi.

 



Degişli Habarlar