ABŞ S-400 raketa goranyş ulgamy bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Hizer Noýert Türkiýäniň we Russiýanyň arasyndaky S-400 raketa goranyş ulgamynyň alynmagy bilen baglanşykly: “NATO agza ýurtlaryň NATO ulgamlary bilen sazlaşykly harby ulgam ulanmalydyr” diýdi

ABŞ S-400 raketa goranyş ulgamy bilen bagly beýanat berdi

Hizer Noýert gündelik metbugat ýygnagynda Türkiýäniň we Russiýanyň arasyndaky S-400 raketa goranyş ulgamynyň alynmagy bilen bagly soraga jogap berdi.

Noýert: “NATO agza ýurtlaryň NATO ulgamlary bilen sazlaşykly harby ulgam ulanmalydyr. Russiýanyň ulgamy eger Türkiýe aýdylşy ýaly S-400 ulgamyny alsa bu ýagdaý strandartlara bap gelmez we bu biz üçin örän aladalandyryjydyr” diýdi.

Prezident R.T. Erdogan bolsa Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahaty üçin geçen hepdäniň ahyrynda giden Gazagystan saparyndan soň metbugat işgärlerine beýanat berip: “Türkiýe Respublikasynyň goranyş senagaty we goranmagy bilen bagly garaşsyzlyk ýörelgelerini ýa-da garaşsyz kararyny hiç kimiň jedelleşige açmaga hukugy ýokdyr. Biz öz Garaşsyzlygymyz bilen baglanşykly kararymyzy özümiz bereris, goranyş çärelerini we howpsyzlyk çärelerini özümiz görmäge jogapkärdiris” diýdi.



Degişli Habarlar