Ýewropa Parlamenti Arakany görmedi

Ýewropa Parlamenti penşenbe gününe çenli öz işini dowam etdirer

Ýewropa Parlamenti Arakany görmedi

Fransiýada geçirilýän Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynyň açylyş dabarasynda dünýäde soňky döwürde guralan terrorçylykly hüjümlerde we tebigy apatlarda ýogalanlar üçin hormatly dymyşlyk edildi emma Arakanly musulmanlaryň başdan geçirýän kynçylyklarynyň görmezlikden gelinmegi bolsa ünsleri özüne çekdi.

Strazburg şäherinde geçirilýän Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynyň açylyş çykyşyny eden Ýewropa Parlamentiniň başlygy Antonio Tažani soňky döwürde dünýäde köp sanly terrorçylykly hüjümiň guralandygyny we tebigy apatlaryň başdan geçirlendigini ýatlatdy.

Tažani zaldakylary “İspaniýadaky we Finlandiýadaky hüjümlerde we ABŞ-na ýaramaz täsirini ýetirýän tebigy apatda ýogalanlar üçin” dymyşlyk etmäge çagyrdy.

Penşenbe gününe çenli öz işini dowam etdirjek Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynyň gün tertibinde ÝB-niň ýagdaýy, ÝB-ne agza ýurtlarda jemgyýetçilik ýerlerinde açyk meýdanlarda internediň tölegsiz ulanylmagy, dermanly ýumurtga krizisi, Demirgazyk Koreýa tarapyndan abanýan ýadro howpy, Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi, Wenesuella krizisi, ÝB bilen Hindistanyn arasynda hyzmatdaşlyk edilmegi we erkin söwda şertnamasy ýaly meseleler esasy orun eýeleýär.

Ýewropa Parlamenti Mýanma we Arakanly musulmanlaryň ýagdaýyny Baş Assambleýanyň soňky gününde geçiriljek oturluşykda ele alar.

 



Degişli Habarlar