Russiýa bilen Türkiýe S-400 roketa ulgamynyň satyn alynmagy barada şertnama baglaşdy

Kožin rus köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat berdi

Russiýa bilen Türkiýe S-400 roketa ulgamynyň satyn alynmagy barada şertnama baglaşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Harby tehniki hyzmatdaşlykdan jogapkär kömekçisi Wladimir Kožin Russiýa bilen Türkiýäniň S-400 roketa ulgamynyň satyn alynmagy baradaky şertnama gol çekişendigini we şertnamanyň güýje girmegi işleriniň başlajakdygyny aýtdy.

Kožin rus köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýanatynda “Şertnama gol çekişildi we ýerine ýetirilmegi üçin taýarlyklar görülýär. Bilşiňiz ýaly S-400 birnäçe tehniki ulgamy öz içine alýan uly ulgamlardan biri we şol sebäpli hem diýseň ünsli çemeleşilmeli“ diýdi.

Kožin “Şertnama strategik bähbitlerimize laýyk gelýär. Emma  bu meselesinde Günbatarly ýurtlaryň Türkiýä basyş etmäge çalyşmaklarynyň sebäplerine hem düşünýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar